Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy noýabrda geçirilen söwdalaryň jemleri boýunça eksport geleşikleriniň umumy bahasy 2 million 317 müň 600 ABŞ dollaryna, içerki bazardaky geleşikleriň bahasy bolsa 1 million manada deň boldy.
Biržanyň söwdalarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda üç eksport geleşigi baglaşyldy. Şeýlelikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Türkiýäniň telekeçileri ýerli öndürijilerden pagta süýümini, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa nah ýüplügini satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler.
Içerki bazarda geçirilen söwdalarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndürýän «TPP D 30 S» kysymly polipropilenini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Baglaşylan şertnamalar Türkmenistanyň eksport ugurlarynda öndürilýän senagat we dokma önümlerine bolan durnukly gyzyklanmany, şeýle hem içerki bazarda nebithimiýa önümlerine bolan islegiň saklanýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.