744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.11.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Daşky gurşaw we durmuş zerurlyklaryny hem-de oňat dolandyryş ýörelgelerini Merkezi Aziýanyň bilim we iş bilen üpjünçilik ulgamlarynda hasaba almak» (ESGCA) atly halkara taslamasynyň utgaşdyryjy toparynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň netijesinde gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň mundan buýanky özara hyzmatdaşlygy boýunça Ýol kartasyny ylalaşdylar.

Maslahat 2026-njy ýylyň 14–25-nji noýabry aralygynda Italiýa Respublikasynyň Genuýa uniwersitetinde, Bilim departamentiniň (DISFOR) binýadynda geçirildi. Çäräniň dowamynda taslamanyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň jemi jemlendi hem-de 2026–2027-nji ýyllara niýetlenen wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Ýewropanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we akademiki jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde durnukly ösüşe, ekologiýa howpsuzlygyna hem-de korporatiw dolandyryşa (ESG) degişli magistrlik bilim maksatnamalarynyň we saýlama mikro-kreditleýin modullaryň okuw meýilnamalaryna ornaşdyrylmagy boýunça gazanylan netijeler ýokary baha eýe boldy.

Ýol kartasy Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegi, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki hereketliligini giňeltmegi, şeýle hem halkara ylmy toruny döretmegi göz öňünde tutýar.

Italiýadaky halkara duşuşyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagynda, öňdebaryjy halkara tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda we durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşup biljek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda ýene-de bir möhüm ädim boldy.