744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
14.04.2023
Täze «gara altynly» guýular

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda gazuw işleri tamamlanan guýularyň altysyny nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler. Gazanylan bu zähmet üstünliklerinde «Goturdepe» we «Nebitdag» buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylarynyň mynasyp goşantlary bar. «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary tarapyndan şu ýylyň geçen üç aýynda Balkan welaýatynyň çägindäki känlerinde önümli guýularyň jemi 4-si nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 12 müň 338 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Şonça çuňlugyň 12 müň 260 metriniň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr. Ýakynda müdirligiň burawlaýjylary tarapyndan Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 2600 metr bolan 1807-nji guýynyň 2534-2335,5 metr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň bol senagat akymy alyndy. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 12 tonnadan gowrak «gara altynyň» senagat akymyny berýär. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem golaýda Goturdepe känindäki 1827-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 1700 metr bolan bu guýyny buraw ussasy Şähermyrat Aşyrow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary öz wagtynda gazmagy başardy. Nebitçilere ulanyşa berlen bu guýy bir gije-gündizde «gara altynyň» 17 tonnasyny berýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň burawlaýjylary döwrebap zähmet çekmäge döredilýän dünýä nusgalyk mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.