744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
14.04.2023
«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy Uzynada meýdançasynda nobatdaky guýuda buraw işlerini geçirýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri Uzynada meýdançasynda 16-njy gözleg guýusynda buraw işlerini geçirýärler. Guýynyň taslama çuňlugy 6800 metr. Bu günki gün eýýäm 5000 metrden gowrak çuňluk burawlandy. Burawçylar toparyna buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew ýolbaşçylyk edýär. Watanymyzy ösdürmek ugrunda goşan goşandy hem-de halal zähmeti üçin ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medalyna mynasyp boldy. Soňky birnäçe ýylda Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygynda burawçylar ýurdumyzyň geljegi uly känlerinde zähmet çekýärler. Häzirki wagtda olar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Uzynada käninde zähmet çekýärler. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu meýdançada gözleg burawlamasy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hut şu ýerde ýurdumyzda ilkinji aşa çuňlukdaky guýy burawlandy. Ýedi müň metr töweregi çuňlukdan nebitiň we gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Soňra ýene-de şu çuňlukdaky iki guýy burawlandy, olardan hem uglewodorod çig malynyň baý akymy alyndy. — Biz bildirilen talaplara laýyklykda, işleri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, Halmyrat Rozyýew aýdýar.