30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen tanyşmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hem bardy.
Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň ştab-kwartirasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadag, ilki bilen, maslahata gatnaşyjylary ýurtda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halka güni bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurduň welaýatlarynyň köpugurly hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we işleriň üstünlikli dowam edýändigi, şeýle hem gaznanyň hasabyna mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika ugry boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi we çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, gaznanyň hemaýat bermeginde şu günki güne çenli köp sanly näsag çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi we olaryň häzirki döwürde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy barada hasabat berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowa häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çagalaryň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde merkeziň lukmanlarynyň bir toparynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kliniki merkezlerinde bolup, oňyn tejribe toplandygy barada habar berildi.
Gahryman Arkadag ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi. Şeýle hem bu ýerde bejergi alýan çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlary, körpeleriň Arkadag şäherine gezelençlerini guramak, olaryň dürli hünäriň eýeleri bolmagyny esasy ugur edinýän gurnaklaryň netijeli hereket etmegi bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigi barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu çäreleriň lukmançylyk bejergileriniň netijeli häsiýetine eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýändigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar eldilen düzüme öwrülendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ösdürilmelidigine, şunda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadag ýurtda ähli adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň saglygy baradaky aladanyň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklaýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilere we bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigi nygtaldy.