744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.07.2025
Tokioda Türkmenistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

29-njy iýulda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi