Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa «Elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmak baradaky teklibi hödürledi. Prezident bu teklibi makullady.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamanyň çäginde işe girizilen täze platforma häzirki wagtda 10 ministrligi we edarany özünde jemleýär, şeýle-de 12 döwlet elektron hyzmaty bilen integrasiýa edildi.
Maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalyşygyny üpjün etmek maksady bilen howpsuzlyk serwerleri gurnaldy. Ähli elektron hyzmatlar «X-Road» platformasy arkaly birleşdirildi. Bu bolsa döwlet edaralaryna raýatlara hyzmatlary çalt hem-de ygtybarly görnüşde ýetirmäge mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde çykdajylary azaltmaga we maglumatlaryň goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Taslamanyň çäginde Aragatnaşyk ministrliginiň we degişli edaralaryň 75 hünärmeni üçin tapgyrlaýyn okuwlar guraldy. Okuwlar «X-Road» platformasynyň ulanylmagy, «Cisco CCNA» we «Cisco CCNP» programmalar esasynda tor tehnologiýalary, şeýle-de «Linux», «Java» we «Python» programmirleme dilleri boýunça geçirildi. Ähli gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar berildi.
Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy maglumatlara gije-gündiziň dowamynda elýeterliligi üpjün eder, edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalyşyny ýeňilleşdirer we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrar. Şeýlelikde, elektron resminama dolanyşygy ösdüriler, administratiw çykdajylar awtomatlaşdyrma arkaly azaldylar we döwlet hyzmatlarynyň halka edilmegi tertiplendiriler.