744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.07.2024
TOPH transmilli gaz geçirijisi türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ösmeginde uly orun eýeleýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi. 

 

24-nji iýuldaky duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi.

 

Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

 

Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»