744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.07.2024
1978-nji ýyldan bäri nebitgaz pudagyndaky sergi

Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrligi, RF-niň Söwda ministrliginiň goldawy bilen, Expocentre JSC tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan nebitgaz sergisi gurnalýar. Bu barada www.neftegaz-expo.ru habar berýär.

"Nebit-gaz-2025" sergisi   2025-nji ýylyň 14-17-nji aprelinde “EXPOSENTR” Merkezi sergi toplumynda geçiriler. Dünýädäki iň iri nebit-gaz sergileriniň ilkinji onlugyna girýän "Nebit-gaz" sergisi dürli ýurtlaryň nebit-gaz  we nebiti gaýtadan işleýän enjamlar  we tehnologiýalar pudagyndaky hünärmenler üçin işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge, pudagyň öňünde durýan köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. 2016-njy ýyldan bäri sergi her ýyl Milli nebit we gaz forumy bilen bilelikde geçirilýär.

Sergi we forum gatnaşyjylar, hyzmatdaşlar we tutuş pudagyň geljegi üçin  uly mümkinçilik bolup, onuň dowamynda iň soňky gazanylanlar bilen tanyşdyrylýar,  öndürijiler we sarp edijiler özara pikir alyşýarlar, hasabatlar  diňlenýär we möhüm iş maslahatlary geçirilýär.

Serginiň  we Milli nebit-gaz forumynyň  guramaçylygyna we işine ministrlikleriň, Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasynyň we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Serginiň we forumyň maksatnamasy Russiýanyň Energetika ministrliginiň gatnaşmagynda işlenip düzülýär.

Nebit-gaz sergisine nebit-gaz öndürýän we gaýtadan işleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary, nebit önümlerini üpjün edijiler, nebithimiýa kärhanalaryň, ýangyç-energetika toplumynyň we degişli pudaklaryň wekilleri  gatnaşar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, “Nebit-gaz”  iň gowy nebit we gaz sergisidir.