“Türkmengaz” Döwlet konserniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň binýadynda döredilen, onyň ähli emläkleriniň, hukuklarynyň, borçlarynyň mirasdüşeri bolup durýan döwlet edarasydyr. Müdirlik öz alyp barýan işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlardyr, Kararlaryna we namalaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň çözgütleriniň esasynda alyp barýar. “Marygazçykaryş” müdirliginiň pudagy ösdürmegiň ýyllar boýunça Maksatnamasy “Türkmengaz” DK-ni tarapyndan alnyp barylýar. “Marygazçykaryş” müdirliginiň döwlet edarasy bolup, müdirlige degişli gaz känlerinden çykarylýan tebigy gaz, ugurdaş bolup çykýan gazkondensaty we tehniki kükürdi harytlyk derejesine eltip içki we daşky sarp edijileri bermek ugratmak. Önümleriň daşary ýurtlara iberilmegi we möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary “Türkmengaz” DK-ni tarapyndan alnyp barylýar. Müdirligiň garamagynda Oba hojalyk önümçilik birleşikleri, Ylmy-barlag institutlary ýok. “Marygazçykaryş” müdirligini degişli “Ýolguýy”, “Garaşsyzlygyň 10ýyllygy”, “Çamçakly”, “Tutly”, “Garaşsyzlyk”, “Tagtabazar-1”, “Garaçöp”, “Günbatar Şatlyk”, “Gündogar Şatlyk”, “Kelleli”, “Şerepli”, “Ýylan” we “Galkynyş” önüm berýan gaz känleri degişlidir. Tebigy gazy çykaryp we ugurdaş bolup çykýan gazkondensatyny, tebigy kükürdi harytlyk derejesine eltip alyjylara ugradýar.
“Marygazçykaryş” müdirligine degişli bolan “Ýolguýy”, “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy”, “Çamçakly”, “Tutly”, “Garaşsyzlyk”, “Tagtabazar-1”, “Garaçöp”, “Günbatar Şatlyk”, “Gündogar Şatlyk”, “Kelleli”, “Şerepli”, “Ýylan” we “Galkynyş” gaz känlerinden gaz çykarlyp, ony harytlyk derejesine eltilip, alyjylara ugradylýar. Gaz bilen ugurdaş bolup çykýan gazkondensaty we tehniki kükürt öndürilip demir ýol arkaly alyjylara ugradylýar. Mundan başga-da meýilnama esasynda önüm berýan gaz guýylarynda hem düýpli abatlaýyş işleri geçirilýar.
Salgysy: Mary welaýaty,Oguzhan etraby, Şatlyk şäheri
Telefon belgisi: +993(522) 7-04-45
Faks: +993(522) 7-04-45
Elektron poçtasy: mgch@turkmengaz.gov.tm