«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň esasy wezipeleri
Müdirlik hojalyk hasaplaşygynda hereket edýän edara bolmak bilen düzümindäki kärhanalaryň, guluklaryň, bölekleriň ýa-da sebitleriň alyp barýan işlerini ugrukdyrýar we onuň esasy wezipeleri şulardan ybarat.
- Tebigy nebiti we gazy gazyp almak bilen bagly beýleki hyzmatlar;
- Nebitiň tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çüň gözleg burawlaýyş ugrundaky işler;
- Nebit-gaz toplumynyň desgalaryna hyzmat etmekde senagat howpsuzlugy boýunça işler;
- Nebit-gaz toplumynyň we howply desgalaryň gurluşygynda senagat howpsuzlugy boýunça işler;
- Düzüminde partlama-ýangyn howply we radioaktiw maddalary saklaýan önümleri saklamakda senagat howpsuzlugy boýunça işler;
- Tehniki synag we gözegçilik etmekde senagat howpsuzlygy boýunça işler.
Müdirligiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
- Döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin nebit we gazly ýataklary, ulanyş, gözleg, abatlaýyş, anod, suw guýularyny burawlamak we iş beriji bilen baglaşylan şertnamanyň şertine laýyklykda tabşyrmak;
- Döwlet meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmek;
- Ýangyç, elektrik, energiýa, material gurallary tygşytly ulanmagyň çäreleriniň işlenilip düzülmegini amala aşyrmak;
- Tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak.
Salgysy: Türkmenistan, Mary welaýaty, Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheri, A.Mämmedow köçesiniň 5-nji jaýy
Telefon fax nomeri: +993 (522) 7-04-83; 7-28-78; +993 (566) 6 52 56
Elektron poçtasy: buraw@turkmengaz.gov.tm