744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Tamponaž müdirligi

Tamponaž müdirligi 1973-nji ýylda SSSR-iň gazsenagaty ministrliginiň “Türkmengazgözleg” trestiniň düzüminde döredilip,1995-nji ýylda Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň “Türkmenburgaz” trestiniň Tamponaž müdirligi diýlip atlandyryldy. 2008-nji ýyldan “Türkmengaz”döwlet konserniniň Tamponaž müdirligi diýip atlandyrylýar.

Müdirlik döredilenden bäri nebit-gaz känlerinde birnäçe müň tamponaž işleri ýerine ýetirildi (1 we 2 tehniki kolonnalary ulanyş turba sütünlerini,konduktorlary berkitmek işleri).

Häzirki wagtda kärhanada jemi 155 ulag serişdeleri bolup,olaryň 124 sanysy ýöriteleşdirilen tamponaž tehnikalary,şolaryň içinde täze tehnologiýaly dünýä ülňilerine gabat gelýän HHR-iň JEREH kompaniýasynda öndürilen sementleýji toplumy bar.

 Tamponaž müdirliginiň edýän hyzmatlary  

-Gaz guýularynda oturdyş we ulanylyş turbalarynyň daşyny sement ergini bilen berkitmek;

-Nebitiň alnyşy we gazyň çykarylyşy bilen bagly hyzmatlar;

-Ulanyş we tehniki, turba düzümlerini, kondukdorlary, hwo-stowiklary, sement ergini bilen berkitmek;

-Böliji we ýapyjy köprüleri hem-de gaz guüysynda bolýan awariýalary aradan aýyrmak üçin köprileri goýmak;

-Kislota ergini bilen gaz guýularyna täsir etmek;

-Gaz gýylarynda bolýan gaz çüwdürmelerini basyp ýatyrmak;

-Gaz gýylarynda düýpli bejergi wagty olary ýuwup arassalamak, guýylary baglamak, ergini suwa we suwy ergine çalyşmak.

 

                                                                                 

Salgysy: Mary welaýaty, Sakarçäge etraby, Şatlyk şäheri, Bäşim Abdyllaýew köçesi 12 jaýy.

Telefon belgisi: (+993522) 7-04-75

Faks: +993559 6-49-60

Elektron poçtasy: tamponaz@turkmengaz.gov.tm