744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Merkezi serwis hyzmatlary” müdirligi

„Türkmengaz” DK-niň „Merkesi serwis hyzmatlary” müdirligi, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň 2016-njy ýylyň Yanwar aýynyň 11-däki 10/504 belgili görkezmesi, „Türkmengaz” DK-niň 2016-njy ýylyň Fewral aýynyň 12-ne çykaran 22-iş buýrugy esasynda, öňki „Gurluşyk we hyzmat” müdirliginiň ady „Merkesi serwis hyzmatlary” müdirligi diýilip atlandyryldy.
„Merkezi serwis hyzmatlary” müdirligi (,,MSH”M) „Türkmengaz” DK-niň düzüminde bolup onuň esasy işi konsemiň „Türkmengazburawlaýyş” müdirligine niýetlenilip gelýän buraw gurallaryny we turbalaryny ulanmaga taýýarlamakdan, synaglary we barlaglary geçirip gazuw işleri başlanmaly guýylara eltip bermekden, kuwwatly buraw abzallaryny we elektrik enjamlaryny düýpli bejermekden, tehniki kislorod öndürmek, kislorod balonlaryň bejergi işini geçirip synag etmek hem-de gaz guýylaryň agyz ýakasynda we binalarda ýangyn duýduryjy enjamlary gurnamak işlerinden ybaratdyr.

Müdirlik şu aşakdaky önümçilik bölümlerinden durýar:
1. Turba sehi.
2. Bejeriji ussahanasy.
3. Elektrik sehi.
4. Kislorod öndürýän sehi.

 1. TURBA SEHI. Turba sehi müdirlige gelýän turba önümlerini kabul etmek we ugratmak, ulanyşda bolan buraw turbalaryny merkezi baza getirip barlag işlerini, ýagny arassalamak, kalibrlemek, suw basyş synagyndan geçirip abat turbalary gaýtadan ulanyşa bermek bilen „Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň guýylaryna daşamak işleri ýerine ýetirýär.
Müdirligiň suw basyş synaghanasynda UN-l-630x700A; AFÇ-1050 kysymly nasosyň kömegi bilen nebitgaz senagatynda ulanylýan turbalary we suw basyş synagyndan geçirmeli beýleki enjamlary suw basyş synagyndan geçirilýär.

2.BEJERIŞ USSAHANASY. №1 bejergi ussahanasynda burawlamakda we gaz çykarmakda ulanylýan enjamlar, gurallar we beýleki esbaplar bejerilýär, olara käbir ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar,
hatardan çykan bölekleri işläp bejerilýär. Nebit gaz senagatynda ulanylýan turbalara hyr kesmek, geçirme tokurtkasyny ýasamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gaz bilen kesme we elektrosepleme usullary ulanylyp Nebitgaz senagatynda peýdalanylýan enjamlar we esbaplar ýasalýar we bejerilýär. Buraw enjamyny bejeriş sehinde buraw enjamlarynyň ähli gömüşlerini ätiýaçlyk şaýlarynyň barlygyna görä bejerilýär. RTS-5 kysymly turbabur açýan açaryň kömegi bilen dürli gömüşli geçirijileri açyp ýapmak mümkinçilikler bar. Bejergi sehinde ýük götermekde ulanylýan polat tanaplaryň sargytnama laýyklykda dürli ölçegde hem-de uzynlykda gaňyrçakly stroplar örülip taýýarlanylýar we ulanyşa berilýär.

3. ELEKTRIK SEHI. Elektrik sehimizde eletrik togy bilen baglanşykly dürli işler ýerine ýetirilýär. „Türkmengaz” DK-niň kärhanalarynyň elektrik dwigatellerini saramak we düýpli bejergi işleri geçirilýär.
Sargytnama görä edara kärhanalaryň binalarynda, önümçilik sehlerinde, guýylaryň agyz ýakasynda ýangyn düýdüryjy enjamalar gumamak işlerine degişli hyzmatlar edilýär.

4. KISLOROD ÖNDÜRÝÄN BÖLÜMI. Müdirligiň tehniki kislorod öndürýän stansiýasynda kislorod öndürilip ilki nobatda „Türkmengaz” DK-niň edara-kärhanalar, soňra gaýry edaralar tehniki kislorod bilen üpjün edilýär. Kislorod balonlaryň bejergi işleri, wentillerini çalyşmak we synagdan geçirmek işleri edilýär.

 

 

Salgysy: Mary welaýat Şatlyk şäheri Gazçylar meýdançasy-51j

Telefonlar: (800522) 7-33-56

Faks: (800522) 7-33-56

Elektron poçtasy: MSHM@turkmengaz.gov.tm