744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Harbylaşdyrylan “Nebitgazhowpsuzlyk” müdirligi

Harbylaşdyrylan “Nebitgazhowpsuzlyk” müdirligi 05.08.1992ý. senede Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen. Harbylaşdyrylan “Nebitgazhowpsuzlyk” müdirliginiň Düzgünnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tarapyndan 19.03.2008ý. senede tassyklanan. Türkmenistanyň burawlaýyş nebit-gaz çykaryş önümçilik bölümlerinde hem-de kontinental (deňizýaka ýalpaklygynda) şelfinde nebitgazsuw peýdabolmalarynyň, açyk nebit-gaz çüwdürimleriň döremeginiň öňüni almak boýunça öňüni alyş işleriň geçiriliş usuly barada “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan 10.08.1997ý. senede tassyklanan gözükdirmä esaslanyp müdirligiň harbylaşdyrylan bölümleri profilaktiki işlerini alyp barýarlar. Müdirligiň esasy wezipeleri Türkmenistanyň ähli gury ýer we Hazar deňiziniň Türkmen böleginde eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň desgalarynda şu aşagdaky işleri ýerine ýetirmek: Nebit-gaz çüwdirimleriniň öňüni almak boýunça gözegçilik işlerini geçirmek; Nebit-gaz çüwdirimleri ýapmak işlerini geçirmek; Nebitli we gazly partlama howply ýagdaýda halas ediş we dikeldiş işleri alyp barmak; Zäherli nebit-gaz we partlama howply şertlerde (jaýlaryň, çelekleriň içinde we ş,.m) heläkçilikli,çylşyrymly we beýleki işleri geçirýär. Nebit-gaz çüwdirimine garşy enjamlaryň we basyş astynda işleýän gaplaryň jebisligini synagdan geçirýär we olaryň çäklendirilenden artykmaç basyşdan goraýjy zyňyjysyny barlaýar; Kükürt – wodorodly gazyň çykmagy mümkin bolan nebitiň we gazyň kükürtden arassalaýjy desgalarda gazdan halas ediş toparynyň gije – gündiz nobatçylygy amala aşyrýar; Nebit-gaz pudagyna degişli hyzmat edilýän kärhanalaryň önümçilikde işleýän hünärmenlerine NGÇ-i howpsuzlygy boýunça okuw – türgenleşik sapaklaryny öwredýär; Gaz ulgamlarynyň guruluş hiline, olaryň howpsuz ulanylyşyna we tebigi gazyň tygşytly harj edilşine Döwlet gözegçiligini amala aşyrýar; Gözegçilikdäki önümçilik bölümlerinde öňüni alyş işleri. Kärhanalaryň önümçilik bölümlerinde öňüni alyş geçirmekligi esasy wezipeleriniň biri çüwdürim howpsuzlygynyň üpjinligi, taslamadan üýtgetmelere ýol bermezlik, şeýle hem önümçilik bölümlerini we işgärleri açyk çüwdürimler, GNS ýüze çykma hadysalar we näsazlyklar dörän ýagdaýynda çalt we üstünlikli ýapmaga taýýarlamak bolup durýar. Öňüni alyş işleriniň esasy görnüşleri şu aşakdakylardan ybarat: Gözegçilikdäki kärhanalarda, edaralarda, pudaklaýyn wagtlaýyn düzgünnamalaryň, gözükdirmeleriň hem-de buýryklaryň, görkezmeleriň we ýokary guramalaryň meýilleşdiren çylşyrymlaşmalaryň, NGÇ ýüze çykmalaryň, açyk çüwdürimleriň, çüwdürime garşy we gaz howpsuzlygynyň öňüni almak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilşine eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň desgalarynda gözegçiligi amala aşyrmak. Öňüni alyş işleri şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrýar: Açyk çüwdürimleriň, GNS peýdabolma hadysalarynyň we çylşyrymlaşmalaryň öňüni almak barada guýylaryň gurluşygy boýunça tehniki taslamasynyň talaplarynyň, guýylaryň agyzýaka enjamlarynyň gurnalşy şekiliniň we enjamlaryň birikdiriş dügünleriniň berjaý edilşine yzygiderli barlag geçirmek; Berilen duýdyryşlary we görkezmelerde bellenen kemçilikleri dogry we wagtynda düzetmekligi amala aşyrmaklyk üçin teklipler bermek; Gözükdirmeleriň düzgünnamalaryny, kadalaryny gödek bozup netijede açyk gaz çüwdürimleriniň, gazpartlama howplaryny we adamlaryň janyna howp salýan hadysalar dörän ýagdaýynda iş geçirmekligi togtatmak (Türkmenistanyň NGÇSHK); Gözegçilikdäki kärhanalaryň işçileriniň inžener-tehniki işgärleriň arasynda açyk çüwdürimleriniň, GNS ýüze çykma hadysalarynyň öňüni almak we petiklemek meseleleri boýunça gözükdirme, düşündiriş, iş ýüzinde okuw geçirmek we bilimlerini barlamak; Buraw şöwrüniň arasynda (guýyda geçirilýän işine baglylykda) “Gaz zyňylmasy”, “Partlama”, deňiz buraw desgasynda “Suwda adam bar”, “gaýykly howsala” ýaly okuw türgenleşik sapaklaryny geçirip, soňundan her bir işgäriň hereketlerini ara alyp maslahatlaşmak, netijesine serenjam bermek, ýörüte kitapça bellemek; Howa giňişliginde (sredasynda) zäherli, partlama howply gazlaryň, buglaryň bölünip we ýygnanyp ýaýramaga mümkinçilikli ýerlerde, hem-de degişli abatlaýyş, kebşirleýiş, gaz howply işlerde bellenilen tertipde gazlaryň derejesini kesgitlemek işlerini geçirmek; Gözegçilikdäki kärhanalaryň işgärleri tarapyndan, bellenen tehniki-tehnologiki görkezijileriň (bolmaly görkezijileriň) bozulmagy sebäpli açyk çüwdürimleriň, NGS ýüze çykmalarynyň, we çylşyrymlaşmalaryň döremegine getirip biläýjek düzgünbozmalaryň gözegçiligini üpjin edilşiniň barlagyny geçirmek; Gözegçilikdäki kärhanalar tarapyndan önümçilik bölümleriniň gurşawynyň zäherli gazlardan (kükürt wodorod H2 S; uglerodokis SH2; kömürturşy gaz SO3; metan SN4) hapalamak derejesini gündelik gözegçiligini amala aşyrylyşyny barlamak; Gazyň düzüminde kükürtwodorodly, gazkondensatly känlerinde önüm çykarýan we desga içindäki ilkinji gazy bejerýän önümçilik bölümlerinde gaz howply we ýangy howply iş geçirmäge meýilnamalaryny ylalaşmak hem- de rugsat bermek; Gazly gatlaklary açmaklyga, guýylary synag etmeklige, özleşdirmeklige, şeýle hem ulanyş guýylarynda düýpli abatlaýyş, geofiziki işleri geçirmekligi iş meýilnamalaryny ylalaşmak; Çüwdürim we gaz howpsuzlygyny berjaý etmek nukdaý nazarda geologiki-tehniki maslahatlarda degişli tehnologiki proseslere we görkezijilere üýtgetmeleri girizmek boýunça meseleleri ylalaşmak; Gözegçilikdäki kärhanalarda NGS ýüze çykmalaryň, açyk gaz çüwdürimleriniň öňüni almak we çylşyrymlaşmalary petiklemek barada gözükdirmeleriň işlenip düzülmegine we işgärleriň bilimlerini barlamaklyga gatnaşmak; Çylşyrymlaşmalaryň, gazyň ýüze çykmalarynyň açyk nebitgaz çüwdürimine geçmänkä petiklemek barada iş meýilnamasynyň işlenip düzülmegine gatnaşmak; Howply hadysalaryň, NGS ýüze çykmalaryny we açyk çüwdürimleriň döremeginiň sebäpleri we şertlerini derňeýän ýörite toparyň işine gatnaşmak; Nebit-gaz pudagyna degişli hyzmat edilýän kärhanalaryň önümçilikde işleýän hünärmenlerine nebit-gaz çüwdürimleri howpsuzlygy boýunça Mary-4 okuw-türgenleşik merkezinde geçirilýär, burawyň gurluşy, enjamlary, abzalary we gurallary, ulanylýan edebiýatlar we maketlar bilen üpjün edilen. Okuw-türgenleşik merkezinde şu aşakdakylardan ybarat: Açyk fontanlaryň GNS ýüze çykma hadysalarynyň döremeginiň sebäpleri, alamatlary we olaryň öňüni almaklyk.Guýylary burawlamakda, özleşdirmekde, guýylaryň agzyny enjamlaşdyrmak. Guýyda “nebit wanna” goýmaklygyň hasaby. Guýynyň kolon turbalarynyň, üstýedaky enjamlarynyň şikes ýeten ýerlerini abatlamak (tompanirowanie). Tebigi guýylaryň ýangyn howplylygy we zäherliligi. Gaz anyklaýjy we gazdan halas ediji enjamlar. Burawlaýyş döwri GNS ýüze çykma hadysany kadalaşdyrmagyň usuly (burawlaýjynyň usuly). GNS ýüze çykma hadysalary emele gelende buraw brigadalarynyň agzalarynyň ilkinji hereketleri “Fontan” howpunyň öňüni almak boýunça duýduryş okuw türgenleşigi. Şikesleriň ähli görnüşinde heläk bolan ilkinji lukman kömegini bermek. Bolup geçen açyk çüwdürimler, GNS ýüze çykma hadysalary barada maglumatlar. Nebit-gaz guýylarynda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda dikeldiş işleri geçirilende, ýetişikli topar taýýarlykda we şu aşakdaky görkezilen tehniki enjamlar bilan üpjin edilen: Buraw enjamlaryny daşamak Ýalyny akym boýunça söndürmek Obsadnoý kolonnany akym boýunça kesmek Kolonna golowkany akym boýunça ýerine goýmak Baglaýjy enjamlary akym boýunça ýerine goýmak üçin baza döretmek
Akym boýunça baglaýjyny (zadwižka) ýerine goýmak Şarly baglaýjyny we zadwižkany akym boýunça buraw turbasyna goýmak, Basyş astynda baglaýjyny (zadwižka) çalyşmak, Basyş astynda kwadraty towlap aýyrmak, Basyş astynda buraw turbasyny deşmek, Basyş astynda zadwižkanyň (bekleýjisini) şiberini deşmek, Basyş astynda buraw enjamlaryny goýbermek, Buraw enjamlaryny ýag bilen gysyp eplemek, Basyş astynda buraw turbasyny göýbermek Tamponlamak.

 

Salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Industrial köçesiniň 2-nji geçelgesiniň 1-nji jaýy

Telefon belgisi: 92-45-88, 92-46-63 

 Faks: 92-45-88
 Email: nghm@turkmengaz.gov.tm