744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Edaralarymyz
“Türkmengazaragatnaşyk” müdirligi

“Türkmengazaragatnaşyk” müdirligi, Nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda aragatnaşyk, sanly ulgamy we dürli görnüşdäki awtoulaglar boýunça hyzmatlaryny ýerine ýetirip: şol sanda gazy ilkinji arassalaýyjy desgalarda, ýokary basyşly gazgeçirijilerinde, awtomatiki gaz paýlaýyjy desgalarda, gaz gysyjy desgalarynda, gaz guradyjy desgalarda, gaz ölçeýji beketlerdäki,buraw meýdançalarynda, gaz guýularynda önümçilik desgalarynyň ählisi bilen üzüniksiz we ygtybarly radio, radiorele we tehnologik aragatnaşygyň bolmagyny; wideogözegçilik, gaz guýularyny işläp çykarmagyň maglumatlaryny, tebigy gazy çykaryp almagyň we ýerlemegiň sagatlaýyn hem-de gündelik maglumatlaryny taýýarlamak, konserniň alyp barýan işlerini mahabatlandyrmak baradaky web saýty, onlaýyn arkaly dürli derejedäki wideomaslahatlary geçirmek, “Elektron resminama dolanşygy” programma üpjünçiligini, “Guýular gaznasy” elektron programmasyny, Konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ammarlaryndaky maddy-gymmatlyklaryň dolanşygyny sanly ulgamyň üsti bilen görmek üçin “Elektron Ammar” programmasy, Nebitgaz pudagyna degişli kärhanalarda ulanylýan tehniki kadalaşdyryjy resminamalary (СНТ, СНиП, ГОСТ, OCT, ВСН, CН-санитарные нормы, ПБЭ МГ, ПТЭ) umumy bir topluma jemläp, sanly ulgama geçirmek maksady bilen tehniki kadalaşdyryjy resminamalaryň ýöriteleşdirilen programmasy boýunça hem-de kiberhowpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda degişli işleri, dürli görnüşdäki awtoulag hyzmatlaryny,banerleri we stikerleri çap etmek ýaly hyzmatlardan ybarat bolup durýar

“Türkmengazaragatnaşyk” müdirliginiň ýerine ýetirýän aragatnaşyk hyzmatlary

Gazgeçirijileriniň we önümçilik desgalarynyň ugry boýunça “Türkmengazaragatnaşyk” müdirligine degişli umumy 7000 km golaý uzynlykda aragatnaşyk kabeli (1500 kilometri töweregi optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli), 2000 golaý dürli görnüşdäki we dürli ýygylyk diapazondaky radioenjamlar iş ýüzünde hereket etmek bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniň ähli edara-kärhanalary jemi 4500 golaý gaz telefon belgileri bilen üpjün edilýär. Radioenjamlar kabel aragatnaşyk ulgamyny ätiýaçlandyrmagy, önümçilik meýdanlarynda hünärmenleriň arasynda aragatnaşygy saklamagy hem-de wagtlaýyn önümçilik meýdançalaryny aragatnaşyk bilen üpjün edýär. Aragatnaşygyň bu görnüşine hyzmat etmek boýunça buraw meýdançalarynda gije-gündiziň dowamynda müdirligiň degişli radiooperatorlary işleýär. Müdirligiň hünärmenleri buraw meýdançalarynda, gazgeçirijilerinde we beýleki önümçilik desgalarynda hadysa ýüze çykan ýagdaýynda kabel we radio aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirip, buraw, gazakdyryş, gazy gaýtadan işleýiş we gazçykaryş ýaly önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde gönüden-göni iş geçirýärler,“Türkmengazaragatnaşyk” müdirliginde jemi 40 gowyrak aragatnaşyk uzeleri, 40 gowyrak sanly analog awtomatlaşdyrylan telefon stansiýalary hem-de 50 töwergi analog elektron görnüşli kommutator enjamlary, analog görnüşli aragatnaşyk kanallaryny geçiriji ulgamlary we hyzmat edilmeýän güýçlendiriş nokatlary bolup, olar “Türkmengaz” döwlet konserniň Türkmenistan boýunça ähli edara-kärhanalaryny we önümçilik meýdanlaryny üznüksiz aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edýärler.

 

Salgysy: Aşgabat şäher, Köpetdag etrap, Seýitnazar Seýdi köçesi, 1-nji jaý

Telefon belgisi: 92-45-97

Faks: 92-45-97

Elektron poçtasy: tgasсom@turkmengaz.gov.tm