“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň “Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky №7660 belgili karary esasynda döredilip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Gökdepe köçesiniň 172-nji jaýynda ýerleşýär. “Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik” müdirligi esasan akdyrylýan çig mal bolan tebigy gazy gaýtadan işlemek, düzüminden suwuklandyrylan gazy hem-de gaz kondensaty we harytlyk tebigy gazy almak bilen bagly önümçilik işlerini alyp barýar. “Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik” müdirliginiň düzüminde 2 (iki) sany suwuklandyrylan gazy öndürýän desga we 4 (dört) sany suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminal bolup, desgalaryň ulanyşa berilmegi Türkmenistanyň iri halk-hojalyk meselelerini çözmekde uly ähmiýete eýe, sebäbi bu toplumda öndürilýän suwuklandyrylan gazy demir ýol gaz çelekleriň hem-de awtoulag çelekleriniň üsti bilen içerki sarp edijilere (Lebap, Daşoguz, Mary, Ahal gazüpjünçiliklere ugradylyp, welaýatlar suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär.) we daşary ýurtlara eksport edilýär. Gaz kondensaty bolsa Bagajanyň suwuklandyrylan gaz öndürýän desgasynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna, Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynda Lebapgazçykaryş müdirligine turba geçirijileriň üsti bilen akdyrylýar. “Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik” müdirligine degişli desgalar we terminallar barada aýdanymyzda şu aşakdakylardan ybarat:
1. Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy-Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda ýerleşýär. Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň 2/1-2/2-3 tehnologiki hatarlardan ybarat bolup, taslama boýunça ýylda 4,5 mlrd.m 3 tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 120000 tonna suwuklandyrylan gazy , 60000 tonna gaz kondensatyny öndürmege niýetlenen. Bu desga Kanadanyň “Thermo Design Engineering LTD” kompaniýasy tarapyndan taslamasy taýýarlandy we guruldy. Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň 2/1 we 2/2- tehnologik hatarlary 2003-nji ýylda işe girizildi, 3-nji tehnologiki hatary bolsa 2004- nji ýylda işe girizildi.
2. Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly- Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherinde ýerleşýär. Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly 1977-nji ýylda gurluşygyna başlandy we 1978-nji ýylda gurluşygy tamamlandy hem-de 1998-nji ýylda ulanylyşa berildi. Terminal wagtlaýyn suwuklandyrylan gazy saklamak we ýüklemek üçin niýetlenen. Şu wagt düýpli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly administratiw taýdan Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň Demirgazyk – Gündogarynda ýerleşýär. Günorta-Günbataryndan demir we awtomobil ýollary geçýär.
3. Bagajanyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy- Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýär. Bagajanyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň I-II tehnologiki hatarlardan ybarat bolup, taslama boýunça ýylda 2 mlrd.m 3 tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 24000 tonna suwuklandyrylan gazy , 42000 tonna gaz kondensatyny öndürmege niýetlenen. Bu desga Kanadanyň “Thermo Design Engineering LTD” kompaniýasy tarapyndan taslamasy taýýarlandy
we guruldy. Bagajanyň suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasynyň I- tehnologik hatary 2006-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizildi. II-nji tehnologik hatary 2012-nji ýylyň iýun aýynda işe goýberildi.
4. Bagajanyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly- Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän “Türkmennebit” Döwlet Konserniniň Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan kärendä alynan.
5. Serhetabadyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly- Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň, Serhetabat şäheriniň, Serheabat köçesiniň 44-nji jaýynda ýerleşýär. Serhetabadyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly 2004-nji ýylda ulanyşa girizilen.
6. Sarahsyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminaly- Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Gümrük köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýär.
Telefon belgisi: (800422) 3-40-20
Elektron poçtasy: SG@turkmengaz.gov.tm