Ylmy-barlag tebigy gaz instituty “Türkmengaz” döwlet konserniniň pudaklaýyn ylmy merkezi bolup durýar.
Institut 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň ylmy bölegini we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa gözleg institutyny goşmak bilen, olaryň binýadynda döredildi.
Institut tarapyndan pudagyň geotehnologiki meselerine degişli şu aşakdaky ylmy-barlag işleri alnyp barmaklyk bellenilen:
-pudagy gerekli möçberlerdäki çig mal binýady bilen üpjün etmeklige gönükdirilen gelejegi uly bolan ylmy taýdan esaslandyrylan geologiki ugurlary kesgitlemek, uglewodorod känleriniň (we ýataklarynyň) gözlegini we agtaryşyny geçirmek;
-gaza we nebite geologiýa gözleg işleriniň prosesleriniň çaltlaşdyrylan derňewini geçirmek we ylmy-tejribeleýin ugrukdyrmak;
-geologiýa gözleg işleriniň prosesine geologiýa-ykdysady taýdan baha bermek;
-buraw işleriniň tehnikasyny we tehnologiýasyny kämilleşdirmek we çuň buraw guýularyň taslama-çenlik resminamalaryny düzmek;
-gazyň, kondensatyň, nebitiň, gatlak suwlarynynyň, özen nusgalaryň (kerniň, şlamyň), laboratoriýa seljermesi, kollektorlaryň süzüjilik-sygymlylyk häsiýetlerini we beýleki ölçeglerini kesgitlemek;
-gaz, gazkondensat we gaznebit känlerini (we ýataklary) gorlaryna baha bermek, hasaplamak we täzeden hasaplamak hem-de kabul etmeklik we tassyklatmak üçin degişliligi boýunça Merkezi we Döwlet Gorlar toparlarynyň garamaklaryna hödürlemek;
-özleşdirmegiň dürli tapgyrlaryndaky gazly, gazkondensatly känleriň we ýataklarynyň işläp geçilişiniň seljerme hasabatlaryny, synag-senagat, senagat we soňuna çenli işläp geçmek taslamalaryny taýýarlamak, hem-de olaryň geologiki we gidrodinamiki modellerini düzmek;
-gazy çykarmak, taýýarlamak we ugratmaklygyň hem-de dürli düzümli gazlary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy boýunça öňdebaryjy innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmaklyga teklipler bermek, tebigy gazyň bazarlaryny öwrenmek;
-gaz we gazkondensat känlerini işläp geçmek, taýýarlamak we akdyrmak hem-de ähli taslamalar we hödürnamalar boýunça önümçilik meseleleriniň awtorçylyk gözegçiligini we ylmy ugrukdyrmasyny alyp barmak;
-kadalaşdyryjy barlaglara, ekologiýa, täze tehnika, tehnologiýa, oýlap tapmaklyga we önümçilige oňyn teklipleri bermek hem-de degişli pudaklaýyn resminamalary taýýarlamak;
-gaz pudagynyň önümçilik proseslerine we taslamalaryna tehniki-ykdysady taýdan seljerme işlerini geçirmek.
Salgysy: ş. Aşgabat Arçabil şaýoly, 58
Telefon belgisi: (+99312) 44-05-01
Faks: (+99312) 44-19-39
Elektron poçtasy: gasoil@turkmengaz.gov.tm