744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirligi

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirligi, maliýeleşdirilýän çeşmelerine we eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynda gurluşygy amala aşyrylýan desgalary gurmak, giňeltmek, durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak, düýpli abatlamak, olary tehniki-tehnologik taýdan täzeden enjamlaşdyrmak şeýle-de uglewodorod çig mal we gaty magdanlary boýunça ojaklaryň gözleg–agtaryş hem-de  buraw işleriniň  deslapky taslama we taslama resminamalar ýygyndysynyň döwlet seljerişini geçirmek hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz pudagyna degişli bolmadyk edara-kärhanalar tarapyndan seljermesine berilýän gurluşyk taslama resminamalarynyň şeýle-de beýleki pudaklaryň buýurmalary esasynda gurluşygy ýerine ýetirilýän desgalaryndaky nebit önümleriniň ammarlarynyň we ýangyç guýujy beketleriniň diňe tehnologik taslamalarynyň hem-de desgalara nebit-gaz eltiji ulgamlary boýunça taslamalarynyň döwlet seljeriş işlerini amala aşyrýar.

Maliýeleşdirilýän çeşmelere we eýeçilik görnüşine    garamazdan    desgalaryň taslama    resminamalary    maýa    goýum meýilnamasynda     tassyklanylmagyndan   öň,   döwlet   seljerşinden geçirmeklige degişlidir.

Döwlet seljerişi, gurluşykda maýa goýum prosesiniň hökmany tapgyry bolup durýar we gurluşyk taslamalarynyň ygtyýarlandyrylan edaralar  tarapyndan bellenilen tertipde degişliligi boýunça berlen başdaky maglumatlaryna, tehniki tabşyryklara we tehniki şertlerine laýyklygyny üpjün etmek hem-de gurluşygyň taslamasynyň gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine gabat gelmeýän desgalaryň taslamalarynyň döredilmeginiň, ulanylmagynyň we gurulmagynyň öňüni almak, desgalaryň deslapky taslama we taslama-çenlik resminamalarynyň Türkmenistanda gurluşyk kadalaryna we talaplaryna, häzirki zaman kadalarynyň we standartlarynyň ulanylmagy netijesinde halkara kadalara laýyklygyny gazanmak maksady bilen geçirilýär.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň

Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirligi.

 

Salgysy: Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 58 jaý, 744036

Telefon belgisi: (+99312) 44-14-01 

Faks: (+99312) 44-19-45

Elektron poçtasy: tgazseljeris@turkmengaz.gov.tm