744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Türkmengündogarnebitgurluşyk” Gurluşyk-Gurnama Tresti

“Türkmengündogarnebitgurluşyk” gurluşyk-gurnama tresti:

-TSSR-ň Gurluşyk ministrliginiň 03.08.1971ý. 247 belgili buýrugy bilen döredilen.

-Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.01.1994ý. PP-1142 belgili Permany esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi ýatyryldy we Türkmenistanyň gurluşyk we arhitektura ministrligi döredildi.

-Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.12.1996ý. PP-2064 belgili Permany esasynda Türkmenistanyň gurluşyk we arhitektura ministrligi ýatyryldy we şol sebäplere görä Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.12.1996ý. 2902 belgili Karary bilen “Türkmengündogarnebitgurluşyk” gurluşyk-gurnama tresti “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň garamagyna geçirildi.

-Türkmenistanyň Prezidentiniň 07.07.2017ý. PP-155 belgili Permany esasynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň ýatyrylanlygy sebäpli, trest “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümine geçirildi.

-“Türkmengaz” döwlet konserniniň 12.07.2017ý. 127-iş belgili buýrugy esasynda trest döredilen “Ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama önümçilik” birleşigiň garamagyna geçirildi.

-“Türkmengaz” döwlet konserniniň 22.06.2020ý. 107-iş belgili buýrugy esasynda “Ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama önümçilik” birleşiginiň işi bes edilip, trest göni “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyna geçirildi.

-Trestiň ýolbaşçylygy dolandyryjysy tarapyndan amala aşyrylýar, dolandyryjysy: Andaweliýew Söýeg Gurban ogly.

-Trestiň ýerine ýetirýän işleriniň görnüşleri: Senagat, raýat we nebit-gaz pudagyna degişli desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri (şol sanda gazgeçirijileriniň gurnama we kepşirleýiş işleri).

-Trestiň ýokary guramasy: “Türkmengaz” döwlet konserni.

 

 

Salgysy: Lebap welaýaty, Dänew etraby, Seýdi şäheri, Binaçylyk köçesi, 1-nji jaýy

Telefon belgisi: (800446)7-13-84

Faks: 7-23-26