744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Taslama işleri müdirligi

Taslama işleri Müdirliginiň esasy iş wezipeleri, Türkmenistanyň nebitgaz  toplumynyň edara-kärhanalarynyň mundan başga-da öz mümkinçiligine görä pudakgan  daşary ýuridiki edara-kärhanalar, eýeçiliginin görnüşine garamazdan Türkmenistanda işleýän ýerli we daşary ýurt kömekçi potratçylar (Esaslandyryjynyň razyçylygy bilen) firmalar we kompaniýalar hem-de hususy kärhanalar, şahsy taraplar bilen şertnama esasynda  inžener-gözleg işlerini yerinie ýetirmek, taslama-çenlik resminamalaryny işläp taýýarlamak  bolup durýar. Alnyp barylýan işlerinde ylmyň-tehnikanyň gazanlaryny önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman täze we innowasion  tehnoligiýalary we täze döredijikli tilsimatlary işde ulanmaklygy  gazanmak.

Müdirligiň aşakdaky düzümde esasy iş görnüşleri bardyr: 

- binagärçilik-gurluşyk, senagat we raýat gurluşygynyň we onuň bilen  baglanyşykly inženerçilik we tehniki işleri amala aşyrmak üçin zerur bolan taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak;                

- partlama we ýangyn  howply desgalaryň  taslama-çenlik  resminamalaryny  taýýarlamak, ol işleri  taýýarlamak üçin gerek topografiki-geodeziýä, kartografiýa we inžener-geologiki gözleg-barlag işlerini  amala  aşyrmak;                                                                      

- ylmy-barlag we taslama-gözleg işleriniň meýilnamasyny işläp düzmek;                              

-  täze guruljak nebitgaz senagatynyň (pudagynyň) desgalarynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny işläp düzmeklige gatnaşmak;                                                                          

-  nebitgaz pudagynyň  ähli desgalarynyň (gaz hojalygynyň, magistral gaz we nebit geçirijileriniň, şol sanda, önüm geçirijileriniň, nebit gaz we kondensat känlerini özleşdirmegiň, nebitgaz, gysylan gaz ammarlarinyň) taslamalaruny işlap düzmek;

-  inženerçilik ulgamlarynyň (gaz, suw, elektrik we ýyllyk üpjünçiliginiň, lagym ulgamlarynyň, ýyllyk öndüriji desgalaryň, suw arassalaýan we daşarky  eltiji inžener ulgamlary  desgalarynyň, lagym arassalaýjy we akdyryjy desgalaryň, aragatnaşyk we telemehanika  ulgamlarynyň we desgalarynyň) taslamalarymy işläp düzmek;

- gurluşygynyň görnüşine garamazdan, işlenilip taýýarlanylan taslamalaryň esasynda, binalaryň we desgalaryň gurluşygyna, ulanyşdakylaryň gineldilmegine, durkunyň täzelenmegine we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna awtorlyk  gözegçiligini amala aşyrmak;

- nebit we gaz känleriniň, magistral nebit we gaz geçirijileriň durkuny täzelemek,  abatlaýyş  we gurnaýyş  işleriniň  taslamalaryny taýýarlamak, ol işlerde taslamalaşdyrmaklygyň we gurluşygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak;

- kadalaşdyryjy  resminamalary  taýýarlamaklyga  gatnaşmak we olary özbaşdak  taýýarlamak;

- işleriň ähli  görnüşlerinde ykdysady taýdan has netijeli alnyp barylmagyny kadalaşdyrmak we kömek bermek;

- tejribeçi-talyplaryň hünarleri boýunça tejribelerini geçmegini gurmak;

- taslama we inžener gözleg-barlag işlerini hem-de beýleki işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýeirmek;

- Türkmenistanyň  kadalaşdyryjy  hukuk namalaryna  laýyklykda Müdirligiň işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly hereket  edýän kanunçylyga ters gelmeýän beýleki  işleri amala aşyrmak;

- daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen öraza peýdaly daşary ykdysady aragatnaşyklary etmek, söwda-ykdysady we ylmy tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ösdürmek;

- Halkara ähmiýetli gaz geçirijileriň taslamalaryny özbaşdak ýa-da daşary ýurtly edara-kärhanalar bilen taýýarlamak we ol işleri amala aşyrmak;

- daşary ýurt maýasyny ýurda getirmek maksady we bilelikdäki kärhanalary gurmak.

Daşary ýurt iş gatnaşyklary amala aşyrmak  daşary ýurt kärhanalary tarapyndan öň işlenilip taýýarlanylan taslama-çenlik resminamalaryny Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrmak (adaptasiýa) işleri. Müdirligiň 2019-2024-nji ýyllaryň esasy sargytnamalary boýunça döwlet ähmiýetli desgalar, şol sanda:

-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň;

-„Galkynyş“ gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň çäginde gaz guýularynyň agyz ýakasynyň taslama-çenlik resminamalarynyň;

Gyýanly şäherçesinde gurulýan „Polietilen we polipropilen öndürýän zawodynyň“ daşky eltiji ulgamlarynyň taslama-çenlik resminamalaryny ýerine ýetirdi. Döwletabat-Derýalyk sowma gaz geçirijisiniň III şahasynyň, diametri 1420 mm. uzynlygy 118 km. bolan, Şatlyk-Garagum,  diametri 1420 mm. uzynlygy 125 km. bolan, Garagum-Malaý gazgeçirijileriniň täze şahalarynyň taslama-çenlik resminamalaryny, diametri 1020 mm. uzynlygy 184 km. bolan, Orta-Aziýa-Merkez gazgeçirijisiniň III şahasynyň durkuny täzelemek işleriniň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak, Kelleli, Şerepli, Ýylan gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleriň, Balkanabat şäherinde 10 sany 4-gatly 24-öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslama-cenlik resminamalryny taýynlamak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň buýurmalary bilen edara-kärhanalaryň daş-töwereginiň goragyny döwrebaplaşdyrmak boýunça wideogözegçilik ulgamlarynyň, köp sanly desgalaryň bag-bakjalarynyň damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, şeýle-de ilatly ýerleri, ýagny obalary we şäherçeleri gazlaşdyrmak, şeýle hem gaýry taslama çenlik işleri ýerine ýetirmek, ýagny çaphana önümleri we jiltlemek hem-de bezeg işleri, nebit önümlerini saklaýan rezerwuarlaryň, awtomobillere ýangyç gyýýan beketleriň taslamalryny taýýarlamak bilen bagly işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy bilen: Çärjew etrabynyň çäginde gurlan döwlet elektrik stansiýasyny gaz bilen üpjün etmek üçin, diametri 530 mm, uzynlygy 124 km. bolan ýokary basyşly gaz geçirijisiniň, Demirgazyk Balguýy, Naýyp, Kerpiçli gaz känleriniň daşky üpjünçiligi üçin, Daşoguz elektrik bekedinden Naýyp elektrik bekedine çenli 220 kW EGHU taslamanyň inžener gözleg we barlag işleri, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy bilen Balkanabat ýod zawodynyň binýadynda gurulýan 1-nji we 2-nji tejribe we synag ýod desgasynyň  taslama-çenlik resminamalary taýýarlanyldy.  

 

Salgysy:  Aşgabat ş 1939 (arçabil) şaýoly 58

Telefon belgisi: 44-10-71, 44-08-69

Faks: 44-19-14

Elektron poçtasy: tim.taslama@turkmengaz.gov.tm