“Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygy barada
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjülikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalar halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdeleriniň baý ätiýaçlyk gorlaryna eýe bolmak bilen, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ugurlayny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrylýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda,Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gol çeken 14471 belgili we 2017-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gol çeken 524 belgili kararlary esasynda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Baş buýrujy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş potratçy bolmagynda, “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça müdirligi bilen “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň arasynda baglaşylan potrat şertnamasyna laýyklykda Ø1422mm. uzynlygy 214.888km. bolan “Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde turbalary kebşirlemek, synagdan geçirmek we turbageçirijiniň içini arassalamak işleri tamamlanyp, gaz geçirijiniň başlangyç nokady hereket edýän “Galkynyş-Şatlyk” gaz geçirijisine birikdirildi. Şeýle hem, gaz geçirijiniň V derejeli gözegçilik ýolunyň hem-de elektrohimiki gorag ulgamynyň gurluşygy doly ýerine ýetirildi. Mundan başga, gaz geçirijiniň ugrunda gurnalan, 5-sany turbanyň içini arassalaýjy enjamy goýberiji we kabul ediji düwünlerinde enjamlary gurnamak işleri tamamlanyp, suw bilen synag işleri geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda “Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak hem-de gurnamak işlerini amala aşyrmak hakynda” gol çeken 1614 belgili karary esasynda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Malaýziýanyň “Serba Dinamik” kompaniýasynyň arasynda 2020-nji ýylyň 27-nji martynda baglaşylan Tgaz 23/04-3 belgili şertnama laýyklykda, “Serba Dinamik Sdn.Bhd” kompaniýasy tarapyndan gaz geçirijiniň telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SCADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň enjamlar toplumyny getirmek we gurnamak boýunça işleri dowam edýär.
Şonuň bilen baglylykda, häzirki wagtda aragatnaşyk diňleri gurnaldy. Magistral aragatnaşyk kabel liniýasynyň OSAL kabelini gurnamak boýunça ýer işleri, kabel we duýduryş lentasynyň goýulmagy, kabeliň üstüniň toprak bilen berkitmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, gaz ölçeýji bekedinde “KROHNE” kompaniýasynyň gaz ölçeýji enjamlar toplumyny gurnamak işleri tamamlanyp, synag işleri geçirildi. Häzirki wagtda gaz ölçeýji bekediniň senagat hem-de ýaşaýyş zolaklarynda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ýyladyş, sowadyjy we howalandyryjy ulgam işleri alnyp barylýar.