“Türkmengaz” Döwlet konseriniň “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň binýadynda döredilen ýuridiki şahsy özbaşdak döwlet edarasy bolup durýar. “Marynebitgazgurluşyk” tresti öz alyp barýan işinde Türkmenistanyň Konistitutsiýasynda, türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarydyr, Kararlaryna we namalaryna “Türkmengaz Döwlet konserniniň çözgütleriniň esasynda alnyp barylýar. Trest durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny, daýhan birleşiklerinde we şäherlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, dürli maksatly turba geçirijilerini çekmek boýunça işlerini ýerine ýetirýär. Edara kärhanalaryň, raýatlaryň gurluşyk-gurnama işlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, gurluşyk-gurnama işleri boýunça we medeni-durmuş maksatly gurluşykda düýpli abatlaşdyrmak, jaýlaryň, binalaryň düýpli gurluşygyny amala aşyrmakdan, öndürlen önümlerini, ýerine ýetirilen hyzmatlaryny ýerlemekden alynýan girdejiniň hasabyna işgäriň durmuş hal ýagdaýyny gowylandyrmak işlerini alyp barýar.
“Marynebitgazgurluşyk” tresti ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klasifikatorynyň laýyklykda işiň bir ýa-da birnaçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr, trest ygtyýarlandyrylmagy, sertifikatlaşdyrylmagy we beýleki rugsat beriji resminamalaryň alynmagy talap edilýän işleriň görnüşleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama, sertifikatlaşdyrylmagy we beýleki rugsat resminamalary alandan soň meşgullanyp bilýär.
“Marynebitgazgurluşyk” tresti guramalar we kärhanalar bilen şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak, Türkmenistanyň kanunlaryna garşy gelmeýän emläkleýin we emläkleýin däl hukuklaryny edinmek, bankyň karyzlaryndan peýdalanmak, özbaşdak bölümleriniň işlerini, gözegçiligi amala aşyrmak: gurluşyk önümleriniň gurluşugynyň we öndürlişiniň hiline gözegçiligini amala aşyrýar we zähmet topary bilen goşmaça höweslendiriş çärelerini görmek we Trestiň işgärleriniň sosial durmuş şertlerini gowylandyrmak barada toparlaýyn şertnamasyny baglaşýar.
Salgysy: Mary welaýaty, Sakarçäge etraby, Şatlyk şäheri
Telefon belgisi: +993(522) 7-04-62
Faks: +993(522) 7-04-62