744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Edaralarymyz
“Aşgabatgaz” müdirligi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Aşgabatgaz” müdirligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.04.2026ý. senesindäki 1789 belgili kararyna, “Türkmengaz” döwlet konserniniň 29.04.2026ý. senesindäki 93-iş belgili buýrugyna laýyklykda döredilen müdirlik.

“Aşgabatgaz” müdirligi, welaýatyň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalaryna we ilata üznüksiz gazüpjünçiligine, gazyň ýerleşdirilişiniň hasabyny ýöretmegine, şäherlerde, şäherçelerde we oba ýerlerinde gaz geçirijileriň we gaz desgalaryň ýagdaýyna, şeýle hem bökdençsiz işlemegine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, müdirlik ylymyň we tehnologiýalaryň soňky gazanylan görnüşleri bilen, ilata we hukuk gurmaçylygyna garamazdan ähli edara-kärhanalara tebigy we suwuklandyrylan gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar.

“Aşgabatgaz” müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, ýagny: ýyllyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz hasaplaýjy enjamlaryny gurnamak, sökmek, filtr arassalamak, ýerine dakmak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçiligi aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

  • Dürli göwrümli gaz-geçirijilerde, gaz desgalarynda, hojalyk jaýlarda, edara-kärhanalarda döräp biljek hadysalaryň gaz bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmak;
  • Gaz-geçirijilerde gazyň basyşyny talaba laýyk we durnukly saklamak;
  • 24/7 sagatda ilatdan we edara-kärhanalardan gaz bilen bagly gelip gowuşýan çakylyklary kabul etmek, we aradan aýyrmak.

 

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Oguzhan köçesiniň 189-nji jaýy

Telefon belgisi: +99312957652

Faks: +99312957652

Elektron poçtasy: asgabatgazmudirligi@turkmengaz.gov.tm