“Lebapgazüpjünçilik” müdirligi welaýatyň çäginde ilaty, kommunal we senagat kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edýär. Şeýle hem gazyň hasabyny ýöredýär we şäherlerde, şäherçelerde hem-de obalarda gaz geçirijileriniň we gaz desgalarynyň kadaly işlemegine gözegçilik edýär.
Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, müdirlik ylymyň we tehnologiýalaryň soňky gazanylan görnüşleri bilen, ilata we hukuk guramaçylygyna garamazdan ähli edara-kärhanalara tebigy we suwuklandyrylan gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar.
“Lebapgazüpjünçilik” müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, ýagny: ýyllyk bejergi işlerini geçirmek, möwsümleýin tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz ölçeýji enjamlaryny gurnamak, sökmek, filtr arassalamak ýerine dakmak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçigi aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
Salgysy: Lebap welaýaty Türkmenabat şäheri 1-nji Senagat zolagy
Telefon belgisi: 422-4-17-02
Fax: 422-4-17-03
Elektron poçtasy: lgushg@turkmengaz.gov.tm, LGUSHG@sanly.tm