744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek
  2. Nebit we gaz guýularyny burawlamak
  3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
  4. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
  5. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
  6. Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika.
  7. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
  8. Maglumat ulgamlary (sanly ulgam, kiberhowpsuzlyk we torlar boýunça).
  9. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
  10. Maglumat ulgamlary we programmirlemek.
  11. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
  12. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.
  13. Elektroenergetiki ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
  14. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
  15. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
  16. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  17. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine umumy orta biliminden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary: Mary şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly – 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary ş.) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-24-i aralygy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Okuwyny tamamlan uçurymlara “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalara işe ýollanma berilýändigini dykgatyňyza ýetirýäris.

Salgysy: Mary ş., Kemine köçesi, 33

Telefon belgisi: +993(522) 4-66-65, +993(522) 4-63-42