744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Tenderler
25.02.2025
08.04.2025
25.02.2025
«Türkmengaz» Döwlet konserni açyk tender yglan edýär: 25.02.2025 - 08.04.2025

«Türkmengaz» Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan «Türkmengaz üpjünçilik» önümçilik işlerinde SMART hasaplaýjylar we SCADA ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamanyň öňünden işlenip düzülmegi hem-de tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň taýýarlanylmagy üçin halkara tenderiniň öňünden seljermesini (prekwalifikasiýa) yglan edýär.

Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 17-nji gat, «Türkmengaz» DK.

Öňünden seljermä gatnaşmak üçin aşakdaky şertleri ýerine ýetirmeli:

  • Ýazmaça ýüz tutmaly (diňe degişli ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalaryň ýüz tutmalary kabul edilýär. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalaryň ýüz tutmalary kabul edilmeýär) we onda aşakdaky maglumatlar görkezilmeli:

    • Dolandyrýan kompaniýanyň doly ady;

    • Hukuk derejesi;

    • Hasaba alnan ýurdy;

    • Bank maglumatlary;

    • Kompaniýanyň işi barada maglumat (esasy ugurlar, şuňa meňzeş taslamalarda tejribesi we ş.m.).

  • Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny bilen tanyşmaly.

  • Resminamalar resmi bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman tabşyrylmalydyr.

  • Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan resminamalar kabul edilmeýär.

  • Degişli esminamalar ýokarda görkezilen salga gowşurylmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50
Faks: (+99312) 40-32-59