744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.07.2026
-21.08.2026

Hormatly jenaplar!

«Türkmengaz» döwlet konserni «Türkmengaz» döwlet konserniniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça yglan edilen 06.07.2026-njy ýyldaky №T/GAZ-032 belgili bäsleşigiň № 2 «Umumy zawod enjamlary» loty boýunça tehniki häsiýetnamasyna (Tehniki wezipesine) üýtgetmeler girizilýändigi barada ähli mümkin bolan gatnaşyjylara habar berýär.

Tehniki häsiýetnama (Tehniki wezipe) täze redaksiýada beýan edilýär.

Bäsleşik resminamalarynyň beýleki şertleri hem-de gatnaşyjylara bildirilýän talaplar üýtgewsiz galýar.

Girizilen üýtgetmeler sebäpli, bäsleşik tekliplerini kabul etmegiň möhleti ýerli wagt boýunça 21.08.2026-njy ýylyň sagat 15:00-na çenli uzaldyldy.

Görkezilen möhletden giç gowşan teklipler kabul edilmejekdir. Pul serişdelerini geçirmek üçin bank hasaby ýazmaça arza tabşyrylan mahaly berler.

Tehniki wezipäniň täze redaksiýasyny, şeýle hem ähli zerur maglumatlary turkmengaz.gov.tm, oilgas.gov.tm salgylaryndan göçürip alyp bilersiňiz ýa-da şu salgydan alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, «Türkmengaz» DK-niň Maddy-tehniki üpjünçilik we üstaşyr ulag müdirligi, 13-nji gaty.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

odum@turkmengaz.gov.tm.

«Türkmengaz» DK-niň internet saýtynyň salgysy: oilgas.gov.tm