744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.11.2026
-18.12.2026

«Türkmengaz» Döwlet konserni«Türkmengaz» Döwlet konserniniň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada 09.11.2026– 18.12.2026 aralykda№T/GAZ-040 belgili açyk Tenderi yglan edýär.

Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) gatnaşyp bilýär.

Lot №2 – «Umumzawod enjamlary».

Size Aşgabat ş.1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK UKPO salgysy boýunça şular teklip edilýär:
- tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen;
- lotlaryň tabşyrygyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
- ABŞ-nyň 1500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;

Zerur bolan maglumatlary şu salgydan alyp bolar: turkmengaz.gov.tm/, oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.

Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (факс), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42 

Tender boýunça teklipler 18.12.26-da ýerli wagt boçunça 15.00-a çenli kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler. Tender teklipleri ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär.Teklipler tender arzalaryny (kotirowkalaryny) taýýarlamak boýunça gözükdirmelere laýyklykda mastika möhürli tassyklanan iki sany aýratyn bukjada kabul edilýär. 

Elektron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm. odum@turkmengaz.gov.tm.

“Türkmengaz” DK-niň internetdäki saýtynyň salgysy: oilgas.gov.tm