744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Tenderler
17.10.2023
30.11.2023
17.10.2023
“Türkmengaz” DK halkara tender yglan edýär:

Hormatly jenaplar! "Türkmengaz" döwlet konserni ýörite sement we oňa himiki goşundylary, sütün örtük-bassyrma enjamlaryny satyn almak we "Galkynyş" gaz ýatagynda 14 sany guýynyň sütün sementleme işiniň serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK, Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, iş otagy 17.24а salgysy boýunça: - bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); - "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly; - Bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly. Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasyny hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň almak bolar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99312) 40-32-40, 40-33-50; Faks: (+99312) 40-32-59.