Hormatly wekiller,
Milli we halkara nebit-gaz kompaniýalaryny, şeýle hem nebitgaz pudagynyň milli we sebitleýin geljegini kesgitleýän hünärmenlerini we maliýe guramalaryny birleşdirýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahatyna we sergisine hoş geldiňiz!
Maslahatyň we serginiň maksady, energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi baradaky gepleşikleri güýçlendirmek, dünýä energetika ulgamynyň soňky ugurlaryny gözden geçirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
Bütin dünýä täze energiýa görnüşlerine giň gerimde geçmäge çalyşýan döwründe Türkmenistan hem özgerýär. Gury ýerdäki iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň ösüşinden başlap, gün we ýel energiýasynyň netijeli ösmegi üçin amatly tebigy we howa şertlerine çenli döwletimiz maýadarlar üçin giň iş ugryny teklip edip biler. Türkmenistanyň baý çeşme mümkinçilikleri “OGT 2025”-iň üns merkezinde bolar, bu ýerde Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bu strategiki möhüm ugurda daşary ýurt maýadarlary üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistan Aziýanyň nebit we gaz bazaryndaky iň esasy döwletleriň biri we häzirki wagtda tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katardan soň dünýäde dördünji orunda durýar.