Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, bilim işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda döredildi. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç çagalary hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap almakdyr. Esaslandyrylanyna kän wagt geçmedik bolsa hem gaznanyň işi sanlyja ýyllaryň içinde ýüzlerçe çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyryp, körpe nesilleri hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap aldy, olaryň ýagty geljege, eşretli durmuşa bolan höweslerini artdyrdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletini bagtly çagalygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bular dogrusynda wise-premýer Batyr Amanow, şeýle hem beýleki ýolbaşçylar öz çykyşlarynda giňişleýin bellediler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüligine hödürlenen täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanypdyr. Kitapda bellenilişi ýaly, bu gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga, ýaş nesilleriň durmuşynda, olaryň ösüşinde, ýagty geljeginde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu gazna türkmen halkynyň Milli Lideriniň watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy göreldesi bolup durýar. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk, bilim we çagalaryň mynasyp dynç alşyny guramak hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi bu ugurda öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen täze kitabyň sahypalaryny bezeýän fotosuratlar gaznanyň işi barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýär. Neşirde halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar. Dabara gatnaşyjylardan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri Sona Yslamowa dagy çykyş edip, täze neşirde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, häzirki wagtda dünýäniň çar künjegine parahatçylyk, asudalyk goly bolup uzaýan, eşretli, ajaýyp durmuşy nazarlaýan ynsanperwerlik, adamkärçilik, akýüreklilik ýaly beýik ahlaklylygyň eriş-argaç bolup geçýändigini aýratyn nygtadylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.