744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.09.2024
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy has-da ösdürmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn belleýşi ýaly, biziň ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Şoňa görä-de, adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini, ähli pudaklarda zähmet  öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň ýokary depginini, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolmagy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklary hasaplaýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzy  durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap  döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýandygyny belledi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi