744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
11.10.2024
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

10-njy oktýabrda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary medeni-ynsanperwer ugurda has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Mongoliýanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň açyklyga, birek-birege hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýandygyny aýdyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mongoliýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryna awtordaş bolup çykyş etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň dostlukly gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi