21-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) maslahatynda Bütindünýä Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukroçykyş etdi. Onuň çykyşynyň mowzugy — «Energetika özara baglanyşygy: baýlyklary umumy abadançylyga öwürmek». Çykyş edijiniň sözlerine görä, energetika howpsuzlygy dünýädäki energiýanyň möçberi bilen däl-de, onuň sarp edijilere ygtybarly, elýeterli we durnukly ýetip bilmegi bilen kesgitlenýär: «Ýurdy baýlyklar däl-de, baglanyşyklar iýmitlendirýär».
Baýlyk binýady barada aýdanda, ol Türkmenistanyň subut edilen gaz gorlarynyň takmynan 11 trillion kub metrden 13 trillion kub metrden gowraga çenli aralykda bahalandyrylýandygyny mysal getirdi. Islendik abraýly bahalandyrmalara görä, ýurt dünýäniň öňdebaryjy bäşligine girýär, «Galkynyş» gaz käni bolsa dünýäniň iň uly känleriniň biridir. Diňe Hytaýa eksport edilýän gazyň möçberi ýylda 30 milliard kub metrden geçýär, Türkmenistan bolsa turba geçirijiler arkaly gaz iberýän dünýäniň öňdebaryjy üpjün edijileriniň biridir. Çykyş edijiniň sözlerine görä, şeýle gorlar bütin sebitiň strategik baýlygydyr, Türkmenistan bolsa ençeme onýyllyklaryň dowamynda ygtybarly uzakmöhletleýin üpjün ediji bolup biler.
Ol goňşy ýurtlardaky islegi şeýle mysal bilen düşündirdi: Pakistanda takmynan 240 million adam ýaşaýar, Hindistanda — 1,4 milliarddan gowrak. Hindistan energiýa balansynda gazyň paýyny häzirki takmynan 6 göterimden 2030-njy ýyla çenli 15 göterime ýetirmegi niýet edýär. Owganystan, Eýran, Özbegistan we Merkezi Aziýa ýurtlary ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrýar, energetikany we senagaty giňeldýär. Onuň sözlerine görä, gaz elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýangyç, dökün we nebithimiýa önümçiligi üçin çig mal, kömüre garanyňda has arassa alternatiwa hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikanyň çeýe hyzmatdaşy hökmünde ulanylýar.
Çykyş eden infrastruktura desgalarynyň arasynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen geçýän, taslama kuwwaty ýylda takmynan 55 milliard kub metr bolan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisini agzady: bu gaz geçirijisi deňze çykalgasy bolmadyk ýurdy gazy iň köp import edýän ýurdy üpjün edijä öwürdi. «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisi gaz çykarylýan sebitleri eksport geçelgeleri bilen birleşdirdi, Hytaýa çekilmegi meýilleşdirilýän goşmaça şaha bolsa kuwwaty ýene 30 milliard kub metr artdyrar. GGC-niň ýerine ýetiriji direktorynyň bellemegine görä, bütewi ulgam durnuklylygy ýokarlandyrýar, serhetüsti infrastruktura bolsa ynamy pugtalandyrýar.
Ol bir ugra, bir bazara ýa-da bir hyzmatdaşa bagly bolmagy ejizlik diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan gündogar ugrundan başga-da beýleki taslamalary ösdürýär. «Merkezi Aziýa gaz halkasy» (Central Asia Gas Ring) taslamasy hereket edýän eksport borçnamalaryny saklamak bilen, türkmen gazyny Özbegistana we Gazagystana, birikdirilen ýagdaýynda bolsa Gyrgyzystana we Täjigistana ibermek üçin goşmaça sebitleýin ugry döredip biler. Çykyş eden Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň soňky Konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň turba geçiriji infrastruktura we elektrik üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ünsi çekendigini, dünýä bazarlarynyň durnuksyzlygy şertlerinde energetika howpsuzlygy üçin energetika baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berendigini ýatlatdy. Ol gaz halkasyny «sözleri işe öwürmegiň ajaýyp mysaly» diýip atlandyrdy.
Çykyş edijiniň bellemegine görä, maýa goýumlary üçin öňünden çaklap bolýan düzgünleşdirme, bank maliýeleşdirmesine laýyk gelýän taslamalar hem-de hökümetleriň we kompaniýalaryň umumy borçnamalary zerurdyr. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan öz böleklerini gurmaga taýyn we halkara hyzmatdaşlara barha açykdyr. Ol aýratyn-da tutuş gaz zynjyry boýunça metan zyňyndylaryny azaltmagyň zerurdygyny belledi, bu bolsa gazyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.
Bütindünýä Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory üç ileri tutulýan ugry kesgitledi: fiziki baglanyşyklary gurmak — gaz ulgamlaryny we serhetüsti interkonnektorlary giňeltmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy taslamalary ilerletmek; maýa goýumlary üçin şertleri döretmek — durnukly düzgünler, aç-açan hyzmatdaşlyk, uzakmöhletleýin borçnamalar; diwersifikasiýalaşdyrmak we birleşdirmek — netijeliligiň we ekologiýanyň iň ýokary ülňüleri boýunça birnäçe eksport ugruny we bütewi sebitleýin ulgamlary ösdürmek.
Çykyş edijiniň sözlerine görä, Bütindünýä Gaz Merkezi bitarap meýdança hökmünde bu tagallalary goldamaga taýyn: «Bu forumy diňe özara baglanyşygy ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem ony ilerletmek üçin hem ulanalyň».