744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
16.10.2024
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

12-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň sowgat berlendigini bellemek ýakymlydyr.

Ermeni tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň goşgulary parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Türkmen topragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Olaryň edebi mirasy häzirki günde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Magtymguly Pyragy umumadamzat ähmiýetli taglymlary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasynda müdimilik orun aldy. Onuň döredijilik mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen bagly işler giň goldawa eýe bolýar. Şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Dana Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýip, çykyşlarda bellenildi.

Şeýlelikde, beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem-de dostlugy pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi