744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
21.10.2024
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça tebigy gazy çykarmakda Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.

Täze guýularyň ulanyşa girizilmegi önümçiligiň artmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, Täçmyradow meýdançasynda günde 389 müň kub metr gaz berýän guýy burawlandy.

Häzirki wagtda Çartak, Golýaka, Tebigy, Demirgazyk, Köseşor we Hazarly meýdançalarynda buraw işleri ýerine ýetirilýär. Olaryň ählisi Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Şu ýylyň dowamynda Çartak meýdançasynda “mawy ýangyjyň” senagat akymy alyndy. Gaz ýataklary 2450 metr çuňlukdan ýüze çykaryldy.

Bu gazanylanlar “Türkmengeologiýa” DK-nyň hünärmenleriniň geçirýän geologiýa gözleg işleriniň netijesidir. Olaryň tagallalary netijesinde Lebap welaýatynyň ýataklaryndan tebigy gazyň düýpli gorlary ýüze çykaryldy.

Gazy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň iberilişiniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, sebitde önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Netijede, birnäçe ýyl mundan öň, Malaý käninde gaz gysyjy desga işe girizildi, bu bolsa bar bolan guýularyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Lebap welaýatyndan çykarylýan tebigy gaz, esasan, eksporta iberilýär. Türkmen tebigy gazyny esasy alyjylaryň biri hem Hytaýdyr. 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti