744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.10.2024
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara foruma 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşýar

23-25-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçirilýär. Forumy “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

 

Maslahata 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşýar. Onuň çäginde nebitgaz pudagynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança hödürleniler.

 

OGT 2024 forumy öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalaryny, şeýle hem ýurt derejesinde bolşy ýaly, sebit boýunça nebitgaz pudagynyň geljegini düzýän bilermenleri we maliýe institutlaryny bir ýerde jemleýär.

 

Guramaçylaryň bellemegine görä, maslahaty we sergini geçirmegiň maksady energetika toplumynyň mundan beýläk hem durnukly ösüşi boýunça dialogy berkitmek, ählumumy energoulgamlarda soňky ýörelgeler bilen tanyşmak, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

 

Türkmenistan maýadarlar üçin giň mümkinçilikleriň meýdançasyny hödürleýär: ol öz içine dünýäde iň iri gury ýer känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini özleşdirmekden başlap, Gün we ýel energetikasyny ösdürmek üçin amatly howa şertlerini alýar.

 

Türkmenistanyň baý çig mal gorlary OGT 2024-üň üns merkezinde bolar. Forumyň barşynda Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bu strategiki taýdan möhüm ugurda daşary ýurt maýadarlary üçin mümkinçilikleri açyp görkezerler.

 

Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny iň iri sarp edijileriň biri Hytaýdyr. Türkmenistan şeýle hem Özbegistana gaz iberýär. Ýakynda Yraga iberip başlar.

 

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berýär. 11-nji sentýabrda Serhetabat-Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Ol TOPH taslamasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

 

Tebigy gazyň eksporty bilen ugurdaş, Türkmenistan ony çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige aýratyn üns berýär. Soňky ýyllarda birnäçe gazhimiýa toplumlary gurlup ulanylmaga berildi, şeýle hem ýakyn geljekde dünýä bazaryndan uly islegden peýdalanýan, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek üçin ýene-de birnäçe desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistan Hazar deňziniň türkmen böleginde we ýurduň günbatarynda gury ýer känlerini işjeň özleşdirýär. Şertnamalaýyn çäklerinde ENI, Dragon Oil, Petronas we beýleki dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary nebit we gaz çykarmak bilen meşgullanýarlar.

 

Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti