«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024» (OGT 2024) halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde, "Türkmen tebigy gazynyň geljegi: täze eksport ýollary we eksport mümkinçiligi" atly ikinji umumy mejlisde "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew çykyş etdi.
Myrat Arçaýew şu ýylda gaýtadan işlenilýän energetika çeşmelerine, ýagny gün, şemal we suw energiýasyna aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ol bu çeşmeleriň ýurdumyzyň we bütindünýäniň durnukly ösüşiniň gözbaşy boljakdygyny belledi. Energetika pudagyna goýulýan maýa goýumlaryň halkara giňişlikde hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikleri açýar we Türkmenistan bu işlerde ygtybarly hyzmatdaşdyr.
Arçaýew uglewodorod zyňyndylaryny azaltjak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berjek täze tehnologiyalaryň ornaşdyrylmagynyň we hyzmatdaşlyk taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem, Türkmenistan bu ekologiýa maksatlaryny goldamak bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň ähli ýurdy üçin energetika howpsuzlygyny berjaý etmäge ýardam eder.
Myrat Arçaýew: " Türkmenistan tebigy serişdelere baý bolmak bilen, bu ulgamda möhüm strategik orny eýeleýär"- diýdi. Çykyşynyň ahyrynda, ol: "Geliň durnukly energetika geljegini döretmek üçin güýçlerimizi birleşdeliň, bu diňe biz üçin däl, eýsem geljek nesiller üçin hem peýda getirer" — diýip, maslahata gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi.