744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
29.10.2024
«Sino Petroleum Technology inc» (SPT) hytaý kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Gen Ten Ten:

— Biziň kompaniýamyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara nebitgaz forumyna yzygiderli gatnaşýar. Şu gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi oňa gatnaşanlaryň sany bilen tapawutlandy, munuň özi ýurduň möhüm pudagyny ösdürmäge täze itergi berýän giň gerimli çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Serginiň çäklerinde biz köne dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen duşuşdyk, aýratyn-da, täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýandygymyzy bellemek gerek. Sergide täze enjamlar we tehnologiýalar, şeýle hem nebiti, gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen giňden tanyşdyryldy, munuň özi pudagyň täze meýilleri, islegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda 17 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. Biz öňdebaryjy tehnologiýalary, ýokary hilli enjamlary ulanmak bilen kompressorlara tehniki taýdan hyzmat etmek, gurallary taýýarlamak, ýataklara tehnologik hyzmatlary etmek we beýleki işleri ýerine ýetirýäris.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly maslahatyň tematikasy örän derwaýys we gyzykly bolup durýar. Şu gezek geçirilen forum pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin niýetlenen platforma öwrüldi. Bu möhüm sebit we halkara wakasy nebitgaz taslamalarynyň esasy meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin ýokary wezipeli ýolbaşçylary bir ýere jemledi, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň ugurlary hem-de ileri tutulýan taslamalar barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik döretdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem-de tejribe alyşmaga, dünýä energetikasynyň geljegi üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşmaga bolan islegi artdyrdy.