744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
04.11.2024
Nebitgaz toplumynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul edilen taryhy çözgütlerine garaldy

Golaýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda gyş paslynyň ýetip gelmegi bilen, Aşgabat şäheriniň çäginde ministrlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalarda hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, elektrik toguny, suwy we tebigy gazy rejeli peýdalanmak boýunça howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, jemagat hyzmatlarynda sanly hyzmatlar portaly we sanly şäher mobil goşundysyny ulanmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Duşuşyga edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň asylly ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini hem-de milli demokratiýamyzyň halkara giňişliginde barha dabaralanýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Permanlary we resminamalary ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň nurana geljegi ugrunda edilýän bimöçber aladalaryň aýdyň beýanydyr. Bular dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatynda öňe sürlen döwrebap başlangyçlar we çözgütler dogrusynda Aşgabat şäher Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 1-nji bölümçesiniň gulluk boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Kakageldi Işmenow, «Aşgabatgaz» müdirliginiň içki gaz geçirijiler we enjamlar gullugynyň tehniki iş otagynyň ussasy Gurbanbibi Aşirklyçowa we beýlekiler giňişleýin belläp geçdiler. Ýokary ruhubelentlikde geçen wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşi, halkyň eşretli durmuşy, nesilleriň abadançylygy ugrunda eýeleýän mynasyp ornuny açyp görkezdi. 

 Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti