8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edildi, hususan-da, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny netijeli ösdürmäge, sebitleriň durnukly ösüşini gazanmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.