Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy işgärleri taýýarlamak işlerini çaltlandyrmak, ylmyň jemgyýetimizdäki ornuny ýokarlandyrmak, häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän binýatlaýyn hem sanly ylym ulgamyny kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim, ylym, önümçilik ulgamlaryny utgaşykly ösdürmek hem-de olaryň arabaglanyşygyny kämilleşdirmek üçin yzygiderli aladalar edilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen ylmy-amaly seminar ýokary ýa-da orta hünär bilimli ýaş alymlaryň we hünärmenleriň kwalifikasiýalaryny, bilimlerini we ylym medeniýetlerini ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alyp, geologik barlaglary, geotehnologik meseleleri çözmeklige gönükdirilen innowasion tehnologiýalara erk etmek, gaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy akdyrmak we gaýtadan işlemek, gaz pudagynyň ykdysady we ekologik jähetlerini ara alyp maslahatlaşmak we olary önümçilige ornaşdyrmak meselelerini öz içine aldy.
Seminaryň gün tertibine laýyklykda, nebit we gaz guýularynyň gurluşygynda pes we ýokary anomal gatlak basyşly kesimleri burawlamagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Olarda anomal pes we ýokary gatlak basyşly guýularda oturtma sütünlerini berkitmek, guýularyň gurluşygynda pes we ýokary anomal gatlak basyşly kesimleri burawlamagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylyp taýýarlanan teklipler bellenilip geçildi. Geljekde bu ugurdaky alnyp barylýan ylmy-barlag işleri önümçilik bilen utgaşykly dowam etdiriler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti