744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.11.2024
Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygy geçiriler

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 11-nji dekabrynda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu abraýly guramanyň çäklerinde döwletimiz tarapyndan parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar hem-de BMG-niň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri, durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dostluk, parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, dünýä we sebit döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine bu maslahaty ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi