Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan işgärleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» DK-nyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülruh Mollaýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy geologiki barlaglarynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamak we interpretirlemek toparynyň başlygy Arslan Annamyradow dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňäp gelipdir. Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzygiderli peşgeş berýän ajaýyp eserleri hem giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Milli Liderimiziň täze ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly eseriniň elimize gowuşmagy bütin il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi. Bu eserde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.
«Hakyda göwheri» atly kitabyň birinji babynyň «Taryha syýahat», ikinji babynyň bolsa «Ruhy miras» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuň manysy bar. Çünki özüniň şöhratly taryhyny sarpalamak, ata-babalaryndan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek islendik milleti beýgeldýän, jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň berkararlygyny berkidýän ýoldur. Adamzat taryhynyň islendik döwrüne ser salsaň-da, bu hakykat aýan bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilige we milli buýsanja ýugrulan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby biziň asylly ýolumyza ýagty saçýan şamçyragdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. «Hakyda göwheri» atly eseriniň türkmen hem-de iňlis dillerinde neşir edilmegi halkymyzyň abraýynyň dünýä dolmagyny şertlendirer.
Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlaryny rowaçlyga besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň günsaýyn gülläp ösýändigi, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy aýratyn nygtaldy. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikleriň dowam etmegi üçin biziň hemmämiz agzybirlik we tutanýerlilik bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň belent heňde ýaňlanan şirin aýdym-sazlary dabaranyň täsirini has-da artdyryp, nebitgazçylaryň ruhuny galkyndyrdy.