7-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, gyş paslynda önümçilik desgalaryny we beýleki kuwwatlyklary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu döwürde howa şertlerine laýyklykda, işleri talabalaýyk ýola goýmak, geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri geçirmek, ýetip gelýän döwlet derejesindäki baýramçylyklara ykjam taýýarlyk görmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, bu ugurda wajyp wezipeleri kesgitlemek bilen, möhüm teklipleri öňe sürdi.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti