744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
12.12.2024
Nebitgazçylar Şa serpaýy bilen sylaglandylar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar  bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri ― «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de Mary nebitgaz orta-hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa Şa serpaýlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary guramaçylykly geçirilen dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Şa serpaýyna mynasyp bolan ýolbaşçylar, zähmetsöýer işgärler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän ýylynda halkymyzyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligini öwrenmekde, edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, halkara derejesinde wagyz etmekde nusgalyk işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, döwlet sylagynyň synmaz döwletlilikdigini buýsanç bilen bellediler.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylary Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowyň, Meýlis Halbaýewiň, Ýegenmyrat Ýegenowyň joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.