744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.12.2024
Gahryman Arkadagymyz Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna degişli taslamalar bilen tanyşdy

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde döredilen ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat beripdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şol gün ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän, gaty sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozup bilýändigini aýdyp, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürüpdi. Adam hakyndaky aladany esasy ugur edinýän bu başlangyç uly goldawa eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, içeri işler ministri ýakynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize Awtomobil sport toplumyny göçürmek boýunça degişli işleri ýerine ýetirmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz bu babatdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şunuň esasynda, Gahryman Arkadagymyz berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we toplumyň ýerleşjek çäginiň aýratynlygy bilen ýerinde tanyşmak, bu barada degerli maslahatlary bermek üçin bu ýere gelendigini aýtdy. Bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli taslamalar görkezildi.

Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Täze toplumyň desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça taslamalaryň üç toplumy teklip edilýär. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren taslamalar toplumynda görkezilýän binalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Taslamada görkezilişi ýaly, merkez iki bölekden ybarat bolup, olarda awtomobil sporty boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ulaglaryny ýaryşlara taýýarlamak, türgenler bilen okuwlary geçmek, halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň binalarynyň biriniň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň, beýlekisi üçin bolsa alabaýyň şekili saýlanyp alnypdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň, bu ugur bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmak, olaryň halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz türkmen türgenleriniň “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtoralli ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolandyklaryny belledi.

Milli Liderimiz täze toplumyň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde dünýä ýaryşlaryny, awto we motosportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda kiçi göwrümli sport ulaglarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Şunda halkalaýyn bäsleşik ýollarynyň gurulmagy, dürli päsgelçilikli menzilleriň çekilmegi we çylşyrymly şertleri özünde jemleýän uzak aralyk boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň nazara alynmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan Milli Liderimizden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplardyr. Hormatly Arkadagymyz sport ulagyny dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Sport awtoulagy Milli Liderimiziň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.

Şu günler Garagum sährasynyň gözelliginde üýtgeşik özüne çekijilik duýulýar. Arassa çägeleriň sähranyň ösümlik dünýäsi bilen utgaşmagy hem-de gyş paslynyň salkyn howasy bu ýerleriň ekologik derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeginiň, şol sanda ajaýyp giňişlikleri bolan sähranyň sahawatyndan habar berýär.

Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyz sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endiklerini terbiýelemekde ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aral sebitiniň ekologik derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara giňişlikde bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Aralýaka sebitinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde milli awtomobil sporty mekdebi barha kämilleşýär. Sport awtoulaglarynyň hatary täze ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar.

...Gahryman Arkadagymyz täze sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.

Ýeri gelende, ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilendigini bellemek ýakymly. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, awtoralliniň geçýän ugry boýunça kesgitlenen menzili geçmekde ýokary netije görkezendigi hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ençeme gezek sport awtoulaglarynda çykyş edip, gazanan ajaýyp ýeňişleri ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen işleriň degişli derejede geçirilmegi, gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Çünki bu künjegiň ak çägeleri arassalyk babatda ýokary ekologik derejä doly laýyk gelýär. Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hünärini kämilleşdirmek, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awto we motosportuň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, geljekde halkara derejedäki awtoralli ýaryşlarynyň guralmagy babatda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda golf meýdançalaryna bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny nazara alyp, paýtagtymyzda hereket edýän meýdança ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli berkidilmeginde örän ähmiýetlidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu künjegiň tebigy aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şu maksat bilen, Garagum sährasynda sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň düýbüniň ekilmegi meýilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmalydygyny, sazak, sözen ýaly syrdam çöl agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi