744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
18.02.2025
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 12 geleşik hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geçen hepde geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata we gysga süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 840 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah matany, float aýnasyny, pagta süýümini satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi