Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýaт Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyna gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow hasabat berdi. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly we netijeli ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.