744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.10.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Ankaranyň «Esenboga» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Şu gün Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýärn Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. 26-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Soňky 30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri düzýär.